Asyryň Betbagtçylygyndan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Ýer titremesiniň üstünden birnäçe günüň geçendigine garamazdan harabalyklardan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.

1944922
Asyryň Betbagtçylygyndan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Türkiýäni ýasa bogan 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş toparlary harabalyklaryň aşagyndan şatlykly habarlaryň alynmagy üçin arman-ýadaman işleýär.

 Ýer titremesiniň üstünden birnäçe günüň geçendigine garamazdan harabalyklardan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.

“Asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirlen ýer titremesinde Hataý welaýatynda ýykylan binanyň harabalygynda 105 sagat soň 1,5 ýaşyndaky bäbejik bilen 7 ýaşyndaky agasy sag aman halas edildi.

Hataý welaýatynyň Antakýa etrabyndaky 6 gatly binanyň harabalygyndan, ýer titremesinden 103 sagat soň “Wenüs” atly it bilen eýesi halas edildi.

Etrapda 102 sagat soň 32 ýaşyndaky 1 adam, 101 sagat soň 30 ýaşyndaky Hikmet Ýigitbaş we 36 ýaşyndaky zenan we 8 ýaşyndaky çaga bilen atasy sag aman halas edildi.

Kahramanmaraşda 104 sagat soň harabalygyň aşagyndan çykarlan 41 ýaşyndaky adam, özüni halas eden esgeriň elini ogşady.

Başga bir binanyň harabalygyndan hem 103 sagat soň 15 ýaşyndaky gyzjagaz, 102 sagat soň bir çaga bilen ejesi halas edildi.

 



Degişli Habarlar