Türkiyäniň Daşary işler ministri gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini kabul etdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, 6-njy fewralda başdan geçirilen güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titreme sebäpli dünýäniň ençeme ýurdundan gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini kabul etdi

1944114
Türkiyäniň Daşary işler ministri gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini kabul etdi

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna telefon arkaly jaň edip gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini bildirenleriň arasynda Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Park Jin, Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Haýaşi Ýoşimasa, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hissein Brahim Taha, Nepalyň Daşary işler ministri Bimala Rai Paudýal, Kot-D Iwuaryň Daşary işler ministri Kandia Kamara, Kuweýdiň Daşary işler ministri Salim bin Abdullah al-Jabir as-Sabah, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok we Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Goňşuçylyk we giňelmek boýunça komissary Oliwer Warheýi bar. 

Kolumbiýanyň Daşary işler ministri Alwaro Leýwa Duran, Awstraliýanyň Daşary işler ministri Penny Wong, Orta Afrika Respublikasynyň Daşary işler ministri Silwi Baýpo Temon we Gambiýanyň Daşary işler ministri Mamadou Tangara hem Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna gynanç we duýgudaşlyk ýüzlenmelerini berdiler. 

Mewlüt Çawuşogly ýer titreme bilen baglanşykly häzirki wagta çenli 45 aýry telefon söhbetdeşligini geçirdi. 



Degişli Habarlar