Türkiýede Bolan Ýer Titremeleri Sebäpli Köp Sanly Ýurt Gözleg we Halas Ediş Toparlaryny Ugratdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň görkezmesi bilen ynsanperwer kömek getirjek 2 uçaryň gysga möhletde Türkiýä ugradyljakdygy habar berildi.

1943020
Türkiýede Bolan Ýer Titremeleri Sebäpli Köp Sanly Ýurt Gözleg we Halas Ediş Toparlaryny Ugratdy

Azerbaýjan gözleg we halas ediş işleri üçin žem Türkiýe 420 hünärmen ugradypdy.

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda harby birikmeler, döwlet edaralary we raýatlar tarapyndan ýygnalanm derman, lukmançylyk enjamlary, ýyladyş enjamlary, ýorgan, egin-eşik, çadyr we beýleki goşlary alyp gelýän 2 gämi Türkiýä ugrady.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň görkezmesi bilen ýer titremesinde zyýan çekenlere kömek bermek üçin 100 adamlyk halas ediş topary, ýörite ulaglar we enjamlar bilen ynsanpwer kömegini getirýän uçaryň Daşkendiň howa menzilinden uçandygy habar berildi.

Türkmenistan ýer titremesinde zyýan çeken sebitlere halas ediş toparyny we ynsanperwer kömegini ugratdy.

Belarus Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň halas edişlerine goldaw bermek üçin Türkiýä halas ediş toparyny ugratjakdygyny habar berdi.

Gruziýa hem Türkiýä gözleg we halas ediş toparlaryny ugratdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary Ned Praýs gözleg we halas edişlerine gatnaşmak üçin 79 adamdan ybarat boparyň birnäçe günüň dowamynda Türkiýä gitjekdigini, Türkiýä we Siriýa ynsanperwer kömeginiň beriljekdigini beýan etdi.

Türkiýäniň Waşington şäherinden ýerleşýän İlçihanasy hem ýer titremesinde zyýan çekenler üçin ynsanperwer kömek ýygnamaga başlady.

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Aleksandr Kurenkow Türkiýä gözleg we halas ediş toparlary bilen saglygy goraýyş hünärmenleriniň ugradylandygyny habar berdi.

Fransiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Hytaý, Meksika, Wengriýa, Pakistan, El Salwador, Demirgazyk Makedoniýa, Palestina gözleg we halas edişlerini alyp barmak üçin degişli kömek toparlaryny ugratdy.

Ýakyn Gündogardan 12 sanysy arap ýurdy, jemi 14 ýurt 10 welaýatda agyr ýitigi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinde gözleg we halas edişlerine



Degişli Habarlar