Altun Raýatlardan Resmi Beýanatlara Üns Bermeklerini Isledi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun galp habar ýaýratmagyň jenaýatdygyny beýan etdi.

1942861
Altun Raýatlardan Resmi Beýanatlara Üns Bermeklerini Isledi

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun ýer titremesi bilen bagly sosial mediada tassyklanmadyk, hakykata bap gelmeýän habarnamalaryň jenaýat bolup durýandygyny beýan edip, raýatlardan dogry maglumat üçin resmi beýannamalara üns Bermeklerini isledi.

Altun Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, ýer titremesinden zyýan çeken we halas edilmäge garaşýan raýatlary gysga möhletde tapmak üçin ähli aragatnaşyk tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Guramaçylykly häsýetde ýaýradylýan hakykata bap gelmeýän kontentler ýa-da hasaplar arkaly berilýän habarnamalaryň internet giňişligindäki dezinformasiýany hasam artdyrýandygyny nygtan Altun; “Sosial media giňişliginde erbet niýetli adamlar tarapyndan berilen hakykata bap gelmeýän habarnamalar, halky ýalňyşdyrýan maglumaty aç-açan ýaýratmak hakyndaky 5237 belgili Türk jenaýat kodeksine görä jenaýat bolup durýar. Raýatlarymyzyň şol habarnamalara ygtybar etmän, dogry maglumat üçin resmi beýannamalara üns bermekleri uly ähmiýete eýedir” diýdi.



Degişli Habarlar