Türkiyäniň Ýaragly güýçleri harby türgenleşik geçirýär

18-nji ýanwarda başlan "Gyşky türgenleşik 2023" atly harby türgenleşik 2-nji fewralda tamamlanar

1937741
Türkiyäniň Ýaragly güýçleri harby türgenleşik geçirýär

Türkiyäniň Ýaragly güýçleri meýilleşdirilen türgenleşikleriň biri bolan "Gyşky türgenleşik 2023" harby türgenleşigini Kars welaýatynyň Sarykamyş etrabynda geçirýär. 

Aralarynda Germaniýa, Azerbaýjan, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan gelen 17 ýurduň harbylarynyň gatnaşýan harby türgenleşik, milli we daşary ýurtly harby güýçleriň gatnaşmagynda geçirilýän Respublika taryhynyň (1923-nji ýyldan bäri) iň uly gatnaşykly "Gyşky harby türgenleşik" aýratynlygyna eýedir. 

Harby türgenleşigiň Saýlanan synçy gününe Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. 

18-nji ýanwarda başlan "Gyşky türgenleşik 2023" atly harby türgenleşik 2-nji fewralda tamamlanar. 

 



Degişli Habarlar