Türkiye Şwesiýada PKK bilen arabaglanşykly toparlaryň geçiren protest aksiýasyny ýazgardy

Türkiye Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly toparlar tarapyndan geçirilen Türkiyä garşy meçew beriji aksiýasyny iň berk ýagdaýda ýazgardy

1936111
Türkiye Şwesiýada PKK bilen arabaglanşykly toparlaryň geçiren protest aksiýasyny ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Şwesiýada PKK bilen arabaglanşykly toparlar tarapyndan geçirilen aksiýa barada beýannama berdi. 

Beýanatda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde Gurhana garşy edilen haýyn hüjüme rugsat berilmeginiň edil yz ýanynda geçirilen aksiýa reaksiýa bildirildi. 

"Bu gezek şäheriň merkezinde PKK bilen arabaglanşykly toparlar tarapyndan ýurdumyza garşy meçew beriji aksiýanyň geçirilmegine rugsat berilmegini iň berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip aýdylýan beýanatda, şol aksiýanyň terror guramalarynyň propogandasyna böwet bolmak bilen bagly Şwesiýa tarapyndan hem gol çekilen Üçtaraplaýyn Ähtnamdaky düzgünleriň açyk ýagdaýdaky düzgün bozmasydygy aýan edildi. 

Beýanatda: "Üçtaraplaýyn ähtnamadaky düzgünlere baglydygyny aýtmak bilen şol düzgünleri berjaý etmek iki aýry meseledir. Şwesiýadan Üçtaraplaýyn ähtnamadaky düzgünlere laýyklykda esasan hem terrorizme garşy göreş ugrunda beýannamalardan öte, anyk we täsirli ädimleriň edilmegine garaşýandygymyzy ýene-de bir gezek nygtap geçýäris" diýip habar berildi. 

Daniýaly aşa sagjy Stram Kurs partiýasynyň lideri Rasmus Paludan, Türkiyäniň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherindäki ilçihanasynyň golaýynda Gurhany ýakyp, meçew beriji aksiýa amala aşyrdy. 

Ondan soň Stokgolmda Norra Bantorget meýdançasynda bir ýere ýygnanan PKK/ÝPG tarapdarlary, Şwesiýanyň NATO agza bolmak tapgyrynda Türkiye bilen gazanan ylalaşygyň ýatyrylmagyny islediler. 

Türkiye 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherindäki NATO sammitinde agza bolmak üçin ýüz tutan Finlýandiýany we Şwesiýany weto edýär. Terror guramalaryny açyk ýagdaýda goldaýan iki ýurt bilen protokola gol çekişen Ankara, berilen sözleriň ýerine ýetirilmegine garaşýar. 



Degişli Habarlar