Prezident Erdogan Stambulda Türkiýäniň Sigan Raýatlary Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan, siganlaryň medeniýetiniň goralmagy we geljek nesillere ýetirilmegi üçin muzeýiň açyljakdygyny nygtady.

1936006
Prezident Erdogan Stambulda Türkiýäniň Sigan Raýatlary Bilen Duşuşdy
erdogan roman bulusmasi.jpg
erdogan roman bulusmasi.jpg

Prezident R. T. Erdogan, “Ynsan ýaşasa döwlet ýaşar” ýörelgesi bilen diline, dinine we medeniýetine garamazdan 81 welaýata we 85 million halka gujak açandyklaryny belledi.

Prezident Erdogan, düýn Stambulda Türkiýäniň sigan raýatlary bilen duşuşdy.

Respublikanyň 100-nji ýylynda 2023-nji ýylda Türkiýe asyrynyň gurulmagy üçin taýarlyk görýändiklerini we siganlardan goldawa garaşýandygyny aýdan Erdogan, bu topraklaryň asyrlardan bäri tapawutly medeniýetlere, jemgyýetlere ýer eýeçiligini edendigini emma berekediň simwoly hökmünde galandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan, siganlaryň medeniýetiniň goralmagy we geljek nesillere ýetirilmegi üçin muzeýiň açyljakdygyny nygtady.

 “Türkiýe asyryna güýçli demokratiýa we soňky 20 ýylda durmuşa geçirlen galkynyş taslamalary bilen gadam basandyklary aýdan Erdogan “Diňe sigan raýatlarymyz bilen arabaglanykly kabul edilen kanuny üýtgetmeler hem bu döwrüň ýurdumyz we halkymyz üçin nähili möhümdigini görkezýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar