Daşary Işler Ministri Çawuşogly, ABŞ-da Saparda Bolýar

"Biz ABŞ-na Gresiýa bilen edýän gatnaşyklarynda ýaňadandan deňagramly syýasat alyp barmagy üçin çagyryş berýäris”

1934813
Daşary Işler Ministri Çawuşogly, ABŞ-da Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe-ABŞ strategik hyzmatdaşlyk mehanizminiň ministrler derejesindäki maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona gitdi.

Maslahatyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşan Çawuşogly soň bolsa türk köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýannama berdi.

“ABŞ-nyň Gresiýa bilen edýän gatnaşyklarynda deňagramlylygy olaryň bähbidine bozandygyny” aýdan Daşary işler ministri Çawuşogly, Gresiýanyň ýaragsyzlandyrlan adalar statusyna äsgermezçilik edýändigini we ABŞ-nyň bu meselä hiç hili nägilelik görkezmändigini belledi.

Ortaýer deňizinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Çawuşogly “Kipriň grek bölegi ABŞ-dan ýarag satyn alýar. Kime garşy? Kipr türklerine garşy, Türkiýä garşy. Haram puly aklamak meselesinde Kipriň grek bölegi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edeni üçin. Mesele haram pul bolsa goşmaça ýeňillikler döredilip bilner. Biz ABŞ-na Gresiýa bilen edýän gatnaşyklarynda ýaňadandan deňagramly syýasat alyp barmagy üçin çagyryş berýäris” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly, ABŞ-nyň Gresiýa F-35 uçaryny satmagy meselesinde bolsa “Biz Gresiýa ýaly bökdençlik döretmeýäris. Biz özümize ynanýarys” diýip belledi.

Çawuşogly bu meselede ABŞ-nyň NATO agza 2 ýurduň arasynda deňagramly syýasat alyp barmalydygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar