Altun Türkiýäniň Netijeli we Durnuklaşdyryjy Başlangyçlaryny Dowam Etdirjekdigini Beýan Etdi

Fahrettin Altun Prezident Erdoganyň liderlik etmeginde global güýje öwrülen Türkiýäniň netijeli we durnuklaşdyryjy başlangyçlarynyň dowam etjekdigini beýan etdi.

1932339
Altun Türkiýäniň Netijeli we Durnuklaşdyryjy Başlangyçlaryny Dowam Etdirjekdigini Beýan Etdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Prezident R.T.Erdoganyň liderlik etmeginde global güýje öwrülen Türkiýäniň netijeli we durnuklaşdyryjy başlangyçlarynyň dowam etjekdigini beýan etdi.

Altun “The National News” gazetinde çap edilen “Dünýäniň galan bölegi Erdoganyň gaýtadan saýlanma tagallasyna nähili garaýar?” temaly makalany tankyt edýän hat ýazdy.

Türkiýäniň DEAŞ-yň ýany bilen dünýäniň terror guramasy hökmünde ykrar eden PKK we onun Siriýadaky bölegi ÝPG-ä garşy alyp barýan terrorizme garşy göreşinde işjeň pozisiýa eýeleýändigini beýan eden Altun; “Bu sebitde durnuklaşdyryjy pozisiýa eýelemekde ygrarlylygymyzy dowam etdirýäris” diýdi.

Altun Erdoganyň 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Ukraina-Russiýa söweşinde esasanda galla eksportundaky we ýesir çalşygyndaky netijeli başlangyçlar bilen möhüm pozisiýa eýeländigini ýatlatdy.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk ýüztutmalaryna hem ünsi çeken Altun, Türkiýäniň adybir ýurtlaryn käbir syýasatlaryny seljermegini isleýändigini beýan etdi.

Türkiýäniň daşarky we milli howpsuzlyk syýasatlarynyň türk milletiniň bähbitlerine laýykdygyny nygtan Altun; “Prezident Erdoganyň liderlik etmeginde global güýje öwrülen ýurdumyz, diýdimzorluklary we halkara hukuk bozmalaryny kabul etmän, netijeli we durnuklaşdyryjy başlangyçlaryny dowam etdirer” diýdi.



Degişli Habarlar