Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Sudani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Sudani Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşdy.

1930795
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Sudani Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa As Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Sudani telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara hyzmatdaşlygyň geljekde has-da pugtalanjakdygyna ynanýandygyny belledi.

Türkiýäniň Yragyň durnuklylygyna, asudalygyna we bitewiligine uly ähmiýet berýändigini aýdan Erdogan, ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yrakda iş alyp barmagynyň öňüniň alynmagynyň şol ýurduň milli howpsyzlygy taýdan hem möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar