Türkiyäniň Milli söweşjeň uçarynyň angardan çykarylmagyna taýarlyk görülýär

Türkiyäniň iň möhüm tehnologiýa taslamalarynyň biri bolan Milli söweşjeň uçarynyň (MMU) angardan çykarylmagyna taýarlyk görülýär

1930668
Türkiyäniň Milli söweşjeň uçarynyň angardan çykarylmagyna taýarlyk görülýär

Türk awiasiýa we älem senagat edarasy TUSAŞ-yň Baş müdüri Temel Kotil, mesele bilen bagly beýannama berdi. 

Temel Kotil MMU taslamasynda halk köpçüligine görkezilen surat materiallary barada: ""MMU-ny dwigateli işletdirilip, angardan çykarylmagy üçin taýar ýagdaýa getirdik. Mundan soň dabara üçin Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogandan güne garaşýarys" diýip habar berdi. 

Ýeňil söweşjeň uçary Hürjet-iň prototipleriniň biriniň mehaniki synagdan geçirilendigine ünsleri çeken Temel Kotil, uçjak Hürjet-iň hem şassiniň üstündedigi barada maglumat berdi. 

Temel Kotil Atak-2 dikuçarynyň esasy böleginiň tamamlanyp barýandygyny, onuň hem ýakyn wagtda şassiniň üstünde boljakdygyny mälim etdi. 

Türk goranyş senagatynyň eksportda uly abraýa eýe bolýandygyna ünsleri çeken Temel Kotil, 2022-nji ýylda takmynan 40 göterimlik artyş bilen 4 milliard dollardan geçendigini belledi. 

Uçarmansyz harby uçar Anka-3 taslamasy barada bolsa Temel Kotil: "Anka-3-i öňümizdäki aýlarda çykararys. Anka-3 radarlarda görünmez, düzümindäki ulgamlary tiz wagtda nyşana alynjak ýere alyp gider" diýip nygtady. 

2023-nji ýylyň başyndan başlap, ençeme önümiň subut edilmäge başlanjakdygyny aýdan Temel Kotil: "Hürjet, Anka-2, MMU taslamalaryny tamamlan mahalymyz, dünýä örän üýtgär" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar