Prezident Erdogan Ankarada telekeçiler bilen duşuşdy

Prezident Erdogan: "Energiýa boýunça Gara deňiz gazyndan täze nebit guýularyna, gün we ýel energiýa desgalaryna çenli ähli ugurlar boýunça uly öňe gidişlikleriň içindediris" diýdi

1930742
Prezident Erdogan Ankarada telekeçiler bilen duşuşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan dünýäniň kyn koronawirus epidemiýa tapgyryndan soň, Russiýa-Ukraina söweşiniň getiren ykdysady kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge synanyşýandygyny, Türkiyäniň güýçli saglygy goraýyş we önümçilik infrastrukturasy saýasynda, şol tapgyrdan oňyn ýagdaýda çykmagy başarandygyny habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ýurduň paýtagty Ankara şäherinde telekeçiler bilen duşuşdy

Ol ýerde eden çykyşynda global epidemiýa we Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli azyk we energiýa üpjünçiliklerinde kynçylyklaryň başdan geçirilendigini we şonuň bilen birlikde dünýäniň soňky 60-70 ýylyň iň ýokary inflýasiýa görkezijilerine garşy göreş alyp barýandygyny aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň güýçli saglygy goraýyş we önümçilik infrastrukturasy saýasynda, şol tapgyrdan oňyn ýagdaýda çykmagy başarandygyny mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Maýa goýum, iş üpjünçiligi, önümçilik we häzirki profisit ýoly bilen ýurdumyzy ösüş esasyna laýyklykda ykdysady programmamyzy tutanýerlilik bilen durmuşa geçirdik. Dünýäniň ressesiýany we çökgünligi gürrüň edýän bir zamanasynda biz 2021-nji ýylda 11,4 göterim we 2022-nji ýylyň ilkinji 3 çärýeginde 6,2 göterim derejesinde ösüş etdik. Iş üpjünçiliginde 31,5 million bilen taryhymyzyň iň ýokary derejesine ýetdik. Eksportymyzy 254,2 milliard dollar bilen Respubika taryhynyň rekordyny goýdyk" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Energiýa boýunça Gara deňiz gazyndan täze nebit guýularyna, gün we ýel energiýa desgalaryna çenli ähli ugurlar boýunça uly öňe gidişlikleriň içindediris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar