Jilwegözü Gümrük Geçelgesi Arkaly Siriýa Berilýän Ynsanperwer Kömegi Dowam Eder
Jilwegözü gümrük geçelgesi arkaly Siriýanyň demirgazyk günbataryna ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi baradaky kararyň möhled 6 aý uzadyldy
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, Türkiýedäki Jilwegözü gümrük geçelgesi arkaly Siriýanyň demirgazyk günbataryna ynsanperwer kömegiň ýetirilmegi baradaky kararyň möhledini ýene-de 6 aý uzatdy.
15 agzaly BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde, Türkiýeden üstaşyr 10-njy iýula çenli 4 million adama ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi baradaky karar bir agyzdan kabul edildi.
BMG-na görä, 2011-nji ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli Siriýada üstümizdäki ýyl 15,3 million adama kömege garaşýar.
BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2014-nji ýylda kabul eden kararyna laýyklykda, halkara ynsanperwer kömek guramalary, Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýaşaýan halka ynsanperwer kömegini berýär.
Häzirki wagtda diňe Jilwegözü gümrük geçelgesi arkaly Siriýa azyk we derman kömegi berilýär.
Degişli Habarlar
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi