Türk Goranyş Senagaty 2023-nji Ýylda Üstünliklerini Dowam Etdirer

Prezident Erdogan, Sakarýada döwrebap gaubisalaryň gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.

1930042
Türk Goranyş Senagaty 2023-nji Ýylda Üstünliklerini Dowam Etdirer
erdogan firtina obus.jpg
erdogan firtina obus.jpg

Prezident R. T. Erdogan, 2023-nji ýylda goranyş senagaty pudagynyň gazanan üstünlikleri hakynda halka buşlykly habarlary bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

Prezident Erdogan, Sakarýada döwrebap gaubisalaryň gowşurlyş dabarasynda çykyş etdi.

Şu gün Türk ýaragly güýçlerine 6 sany döwrebap gaubisanyň gowşurlandygyny aýdan Erdogan, şol sany geljekde 140-a çykarjakdyklaryny belledi.

Gaubisalaryň güýjüne güýç goşýan täze ulgamlar bilen daşary ýurtlardan alynýan gaubisalaryň sanyny azaldandyklaryny aýdan Erdogan, goranyş senagatynyň Altaý tankynyň başda durmagynda beýleki strategik taslamalarda hem uly üstünlikler gazanýandygyny ýatlatdy.

Erdogan, dünýäniň ýaragly uçarmansyz ilkinji gämisi boljak Anadolynyň hem şu ýyl ulanylmaga beriljekdigini belledi.

Erdogan “Anadoly gämisine ornaşdyryljak Baýraktar TB3 ýaragly uçarmansyz howa ulagy ilkinji uçuşyny amala aşyrar. Žandarm güýçlerimiz Gökbeý dikuçaryny ulanamaga başlar. Atak-2 hüjüm dikuçarymz hem ilkinji uçuşyny amala aşyrar. Döwrebap gaubisalarymyz bilen birlikde, 2023-nji ýylda goranyş senagaty pudagynyň gazanan üstünlikleri hakynda halka buşlykly habarlary bermäge dowam ederis” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar