Terror Guramasy PKK Hakykaty Gözleýän Gollandiýaly Žurnaliste Hemle Atdy

Rena Netžes, 2016-njy ýyldan bäri Siriýanyň demirgazygynda ylmy barlaglar geçirýär.

1928033
Terror Guramasy PKK Hakykaty Gözleýän Gollandiýaly Žurnaliste Hemle Atdy

Ekstremist terror gursamasy PKK/ÝPG-niň garaňky ýüzüni paş eden, şol sebäpli öldürilmek bilen hemle atylan Gollandiýaly žurnalist Rena Netžes, Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-ä beýannama berdi.

Rena Netžes, 2016-njy ýyldan bäri Siriýanyň demirgazygynda ylmy barlaglar geçirýär.

Netžes ýazan habarlary we eden çykyşlary sebäpli hem özüne hem-de maşgalasyna terror guramasy tarapyndan hemle atylýandygyny mälim etdi.

“Siriýanyň demirgazygynda esasan Günbatarly köpçülikleýin habar seriş serişdeleriniň berýän maglumatyndan has tapawutly maglumatlar edindim” diýen Netžes, “Bize aýdylýanlar bilen siriýaly ynsanlardan diňlän maglumatlarym biri-birinden has tapawutlydy. Şo maglumatlaryň dogry bolup bolmandygyny öwrenmek üçin 2016-njy ýylda ilkinji gezek serhedi geçip Siriýa gitdim we barlaglar geçirdim. Geçiren barlagymyň netijelerini halka ýetirmekden gorkmadym” diýdi.

Geçiren barlaglary we eden çykyşlary sebäpli PKK/ÝPG-niň nyşanasyna öwrülendigini nygtan Netžes, ekstremist terror guramasynyň Siriýada basyp alan ýerlerinde halka basyş edýändigini belledi.

“Siriýa kürtler PKK/ÝPG-ni halamaýar. Sebäbi uly basyş edýär.  Aslynda basyp alan ýerleriniň 70 göterimi araplaryň ýaşaýan ýerleri. Emma araplar hem olary halamaýar” diýen Netžes “Sebitden gaçanlar diňe DAEŞ-den däl eýsem PKK/ÝPG-den hem gaçdy” diýip belledi.

Gollandiýaly žurnalist PKK/ÝPG-nyň asuda ilaty hem nyşana alýandygyny ýatlatdy.

Rena Netžes, Siriýanyň demirgazygynda iň howpsyz zolaklaryň Türkiýäniň gözegçiligi astyndaky ýerlerdigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar