Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Siriýaly Oppozisionerleriň Liderleri Bilen Duşuşdy

"Siriýaly oppozisionerlere we siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam ederis"

1927537
Daşary Işler Ministri Çawuşogly, Siriýaly Oppozisionerleriň Liderleri Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýa oppozision güýçleriniň başlygy Salim Al Muslaty, Siriýa gepleşik komissiýasynyň başlygy Bedir Jamusy we Siriýa wagtlaýyn hökümetiň başlygy Abdurrahman Mustafany paýtagt Ankarada kabul etdi.

Mewlüt Çawuşogly Twitterden beren habarnamasynda, Siriýaly oppozisionerleriň liderleri bilen Daşary işler ministrliginde duşuşandygyny mälim etdi.

Çawuşogly habarnamasynda “Siriýa meselesinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdyk. BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararyna laýyklykda Siriýaly oppozisionerlere we siriýanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigimizi nygtadyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar