Fahrettin Altun Fransiýa terror bilen bagly reaksiýa bildirdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Fransiýadaky terror guramasy PKK-nyň barlygyna reaksiýa bildirdi

1921210
Fahrettin Altun Fransiýa terror bilen bagly reaksiýa bildirdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, paýtagt Ankara şäherinde "Türkiye-Fransiýa gatnaşyklary: mümkinçilikler we kynçylyklar" atly maslahatda çykyş etdi. 

Ýewropa Bileleşiginiň PKK-ny bir terror guramasy hökmünde ykrar edendigini ýatladan Fahrettin Altun: "Emma gynanyp görüşimiz ýaly, PKK Fransiýada barlygyny dowam etdirýär. Türkiye NATO agza ähli ýaranlaryndan bolşy ýaly Fransiýadan hem terror guramasy PKK-nyň we onuň şahalarynyň ýurdundaky ähli hereketlerini bes etmegine garaşýar" diýip nygtady. 

Türkiyäniň şol bir wagtda Siriýadaky PKK/PÝD/ÝPG-e garşy alyp barýan hakly göreşinde hem ýaranlaryndan goldawa garaşýandygyny aýdan Fahrettin Altun: "Şol çäkde fransuz sement kärhanasy Lafargeniň Siriýada DAIŞ bilen birlikde terror guramalaryna goldaw berendiginiň ýüze çykmagy bolsa global terrorizme garşy göreş taryhynda gynansagam gara bir tegmil hökmünde galar" diýip belledi. 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun: "Türkiye-Fransiýa gatnaşyklary terror guramalaryny ýa-da Türkiyä garşy bolan lobbileri kanagatlandyran ujypsyz we gysga möhletli syýasy hasaplara gurban edilmeli däldir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar