Prezident Erdogan Şu Gün Türkmenistana Gider

Erdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçiriljek I liderler maslahatyna gatnaşar.

1918108
Prezident Erdogan Şu Gün Türkmenistana Gider

Prezident R. T. Erdogan dekabr aýynyň 13-14-i aralygynda Türkmenistanda saparda bolar.

 Erdogan Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda geçiriljek I liderler maslahatyna gatnaşar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannamada maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çakylygyna laýyklykda Prezident Erdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň gatnaşjakdygy nygtaldy.

Beýannamada, ertir Awazada Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda I liderler maslahatynyň geçiriljekdigi bellenildi.

Maslahatda, söwda gatnaşyklary, enegetika we ulaglar pudagynyň başda durmagynda dost we doganlyk üç ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagy üçin durmuşa geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident Erdoganyň maslahatyň çäginde özara duşuşyk geçirjekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar