Prezident Erdogan, Dumanyň Başlygy Wolodini Kabul Etdi

Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşige TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop hem gatnaşdy.

1918449
Prezident Erdogan, Dumanyň Başlygy Wolodini Kabul Etdi
volodin-sentop.jpg
volodin-erdogan.jpg

Prezident R. T. Erdogan, Russiýa Federassiýasynyň Federal Mejlisi Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.

Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşige TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop hem gatnaşdy.

Wolodin ilki Şentop bilen özara duşuşyk geçirdi. Iki kärdeş soň bolsa toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama beren Şentop, Türkiýe bilen Russiýanyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürilmegi hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Şentop, iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň pugtalanmak bilen dowam edýändigini nygtady.

Mejlisiň başlygy Şentop “Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar diňe özara gatnaşyklardan ybarat däl. Türkiýe bilen Russiýa, sebitara we halkara derejesindäki birnäçe meselede uly rol oýnaýar” diýdi.

Russiýa Federassiýasynyň Federal Mejlisi Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin bolsa täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan ozal TBMM bilen Dumanyň arasynda döredilen Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji maslahatynyň Moskwada geçirilmegini teklip etdi.



Degişli Habarlar