Prezident Erdogan Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan, agyr gyş şertlerine garşy ukrainanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

1917485
Prezident Erdogan Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan bilen Zelenskiý 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, agyr gyş şertlerine garşy ukrainanyň halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Prezident Erdogan, aýaly Emine Erdoganyň paýtagt Ankara gelen 1033 adamlyk ukrainaly ýetim çagalar we hossarlary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny belledi.

Galla geçelgesi ylalaşygynyň çäginde diňe gallanyň däl eýsem azyk önümleriniň beýleki görüşleriniň hem eksport edilip bilinjekdigini aýdan Erdogan, Ukrainadaky Zaporožýe atom bekedi meselesiniň gysga wagtda çözülmegini umyd edýändigini belledi.

Prezident Erdogan, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiniň G-20-niň liderler sammitinde beýan eden parahatçylyk meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin goldaw berjekdiklerini nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar