MHG Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

1914616
MHG Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Aýn Isa welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy "Mizgin Kobani" adyny ulanýan Siham Mislih atly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde iş alyp barýan Türk Howpsuzlyk güýçlerine garşy terrorçylykly aksiýalary gurnan terrorçy Siham Misliniň meçew beriji aksiýalara hem gatnaşandygy habar berildi. 

Terrorçylykly aksiýalary gurnamak barada görkezmeler berendigi anyklanan kstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Aýn Isa welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy "Mizgin Kobani" adyny ulanýan Siham Mislih atly terrorçyny ýakyndan gözegçilik astyna alan Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy, Siriýanyň demirgazygynda geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi. 



Degişli Habarlar