Sebitde Terror Guramalarynyň Ornaşmagyna we Iş Alyp Barmagyna Ýol Berilmez

Milli howpsuzlyk geňeşi Türkiýäniň günorta serhetlerinde geçirilen operasiýalaryň ýeke-täk maksadynyn terror guramalarydygyny beýan edip, sebitde terror guramalarynyň ornaşmagyna we iş alyp barmagyna ýol berilmejekdigini habar berdi.

1913687
Sebitde Terror Guramalarynyň Ornaşmagyna we Iş Alyp Barmagyna Ýol Berilmez

Milli howpsuzlyk geňşiniň Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen mejlisinden soň jarnama çap edildi.

Jarnamada; mejlisde terror guramalary PKK/KJK, PÝD/ÝPG, FETÖ we DEAŞ-yň başda durmagynda milli jebislige, agzybirlige, ýurduň geljegine abanýan ähli howplara hem-de wehimlere garşy ýurdun içinde we daşynda batyrgaýlyk bilen egilşiksiz dowam etdirilýän operasiýalar hakynda Geňeşe maglumat berilendigi we goşmaça çäreleriň ara alynyp maslahatlaşylandygy beýan edildi.

Türkiýäniň günorta serhetlerinde geçirilen operasiýalaryň ýeke-täk maksadynyn terror guramalarydygyna üns çekilýän jarnamada; “Beýik milletimizin we taýsyz ýurdumyzyň goranyşyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen BMG-niň Konwensiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda günorta serhetlerimizde geçirilen operasiýalaryň ýeke-täk maksadynyn terror guramalarydygy, sebitimizde serhetlerimizi, şäherlerimizi, raýatlarymyzy we howpsuzlyk güýçlerimizi nyşanaşa alýan terror guramalarynyň ornaşmagyna hem-de iş alyp barmagyna ýol berilmejekdigi, onuň üçin gerek bolan ähli başlangyçlaryň gypynçsyz ediljekdigi nygtaldy” diýilýär.

Türkiýäniň ylalaşyjy we içgin çemeleşmesi bilen çözgüde esaslanýan dialog tekliplerine ünssiz çemeleşen Gresiýadan harby hukuk derejesi bolmadyk adalaryn ýaraglandyrylmagynyň başda durmagynda halkara hukuk kadalaryna hem-de ylalaşyklara bap gelmeýan hereketlerini dessine bes etmegine garaşylýandygy nygtalyp, türk dünýäsiniň aýrylmasyz bölegi bolup durýan Kipr türkleriniň hakly gowgasyna berilýän goldawyň egilşiksiz dowam etjekdigi we beýleki halkara guramalary bilen döwletleriň hem birmeňzeş başlangyçlary etmelidigi beýan edildi.

 



Degişli Habarlar