Türkiýe, Indoneziýa Gynanç Bildirdi

“Ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost we doganlyk ýurt İndoneziýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris”

1909103
Türkiýe, Indoneziýa Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Indoneziýanyň Günbatar Jawa welaýatynda bolan ýer titremesi sebäpli gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, ýer titremesinde köp sanly adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi nygtaldy.

Beýannamada, “Ýer titremesinde ýogalanlaryň hossarlaryna, dost we doganlyk ýurt İndoneziýanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Çirandžag şäheriniň 18 kilometr günorta günbatarynda, ýeriň 10 kilometr aşagynda bolan 5,6 bal ululygyndaky ýer titremsinde 162 adam ýogalypdy, ýüzlerçe adam hem ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar