Erdogan Katarda Liderler Bilen Duşuşdy

Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Saniniň çakylygyna laýyklykda düýn agşam Kataryň paýtagty Doha gidipdi.

1908500
Erdogan Katarda Liderler Bilen Duşuşdy

2022 FIFA Dünýä kubogynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Katara giden Prezident R. T. Erdogan açylyş dabarasyna gatnaşan ýurtlaryň liderleri bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Saniniň çakylygyna laýyklykda düýn agşam Kataryň paýtagty Doha gidipdi.

2022 FIFA Dünýä kubogynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Katara giden giden Erdogan Dohada ýerleşýän Al Baýt stadionynda geçirlen açylyş dabarasynyň çäginde käbir liderler bilen duşuşdy.

Erdogan, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi, Iordan Şasy Abdullah II, Dubaýyň Emiri Şyh Muhammed bin Raşid Al Maktum, Kuweýdiň Mirasdar Şazadasy Al Ahmad Al Jaber Al Sabah we FIFA-nyň başlygy İnfantino bilen söhbetdeş boldy.

 

 



Degişli Habarlar