Stambuldaky hüjümde kaka we gyzy aradan çykdy

Stambul şäheriniň Beýogly etrabynyň çäklerindäki Taksim meýdançasynyň golaýyndaky Istiklal köçesinde guralan hüjümde kaka we 9 ýaşyndaky gyzy aradan çykdy

1906013
Stambuldaky hüjümde kaka we gyzy aradan çykdy
yusuf meydan kizi ecrin2.jpg
yusuf meydan kızı ecrin3.jpg
yusuf meydan kizi ecrin2.jpg
yusuf meydan kızı ecrin3.jpg

Adana welaýatynyň Maşgala we sosial hyzmatlar müdürliginde işleýän Ýusuf Meýdan we maşgalasy, Stambul şäheriniň Beýogly etrabynyň Taksim meýdançasynyň golaýyndaky Istiklal köçesinde gezelenç edýärkäler hyýanatçylykly hüjüme sezewar galdylar. 

Terrorçylykly hüjümde 34 ýaşyndaky kaka bilen 9 ýaşyndaky gyzy Ejrin ýogaldy. 

Gyzyň ýaralanan ejesiniň bolsa hassahanadaky bejergisi dowam edýär. 

Ýusuf Meýdan we gyzy Ejrin Adanada geçiriljek jynaza çäresinden soň jaýlanarlar. 

Maşgala we sosial hyzmatlar ministri Derýa Ýanyk sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Ýüregimiz Stambuldaky hyýanatçylykly hüjümden gelen gussaly habar bilen ýandy. Egindeşimiz Ýusuf Meýdan we gyzy Ejrin aradan çykdy. Maşgalasyna, dogan-garyndaşlaryna we işdeş ýoldaşlarymyza gynanç bildirýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar