“Penje Gulp” Operasiýasynyň Çäginde 429 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Akar, “Penje Gulp” operasiýasyna gatnaşýan harby toparlaryň serkerdeleri bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

1901664
“Penje Gulp” Operasiýasynyň Çäginde 429 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasynyň çäginde 429 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Ministr Akar “Operasiýa zolagyny doly gözegçilik astyna alarys. Zap etrapçasyny terrorçylardan saplarys, şeýlelikde serhetlerimiziň howpsyzlygyny doly üpjün ederis” diýdi.

Akar, Hakkari welaýatynda geçiren barlaglaryndan soň Yragyň demirgazygynda Zapm etrapçasynda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasyna gatnaşýan harby toparlaryň serkerdeleri bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Ministr Akar “Türk esgerleri tarapyndan 540-dan gorak gowak we gaçybatalga terrordan saplandy. Terrorçylaryň goýan 1808 sany partlaýjy maddasy bilen 429 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. “Penje Gulp” operasiýa zolagyny doly gözegçilik astyna alarys. Zap etrapçasyny terrorçylardan saplarys we serhetlerimiziň howpsyzlygyny doly üpjün ederis” diýdi.

Hulusi Akar “Biziň ýeke-täk maksadymyz bar. Ol hem terrorçylary dolulygyna ýok etmek. Her bir adam biziň Yragyň we Siriýanyň başda durmagynda ähli goňşularymyzyň serhetlerine, özygtyýarlyk hukuklaryna sarpa goýýandygymyzy bilmeli. Kürtler biziň doganymyz” diýdi.

 



Degişli Habarlar