Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Derik sabotaž brigadasyndan jogapkär ýolbaşçysy "Serdem Pir-Serhat Harun" adyny ulanýan Ersin Şahini, Siriýada geçiren operasiýa bilen täsirsiz ýagdaýa getirdi

1900241
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi

2014-nji ýylda ekstremist terror guramasy PKK-nyň şäher düzümi bolan ÝDG-H-niň düzümine goşulan we ondan soň Yraga geçen Ersin Şahiniň 2017-nji ýyldan bäri Siriýada işler alyp barandygy mälim edildi. 

Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine garşy ýaragly we bombaly hüjümler guramak üçin buýruklar beren, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Derik sabotaž brigadasyndan jogapkär ýolbaşçysy "Serdem Pir-Serhat Harun" adyny ulanýan Ersin Şahin Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň serhet zolagynda geçiren operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar