Türkiyede 29-njy oktýabr Respublika baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçilýär

Şu gün Türkiye Respublikasy 99 ýaşady

1899323
Türkiyede 29-njy oktýabr Respublika baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçilýär

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümet agzalary paýtagt Ankara şäherinde Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabire zyýarat etdiler. 

Prezident Erdogan ol ýerde Anytkabiriň ýörite depderine şulary ýazdy: "Eziz Atatürk şu gün ýolbaşçylygyňyzda alynyp barylan agyr we epiki göreşiňiziň netijesinde esaslandyran Respublikamyzyň 99-njy ýylyny belläp geçýäris. Siziň Alyhezretiňiziň we eziz şehitlerimiziň amanady bolan Respublikamyzy baky etmek üçin arman-ýadaman zähmet çekýäris. Bu taryhy güni ýurdumyzyň ilkinji ýerli elektrik tokdan işleýän awtoulagy boljak TOGG-yň önümçilik desgasynyň açylyşyny amala aşyrmagyň bagtyýarlygyny başymyzdan geçirýäris. Öňümize çykýan päsgelçiliklere garamazdan häzirki asyry Türkiye Asyry etmek we milletimizi arzuw-hyýallaryna ýetirmek üçin göreşimizi tutanýerlilik bilen dowam etdirýäris. Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun. Respublika Baýramymyz gutly bolsun".

Prezident Erdogan 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli Prezidentiň kompleksinde gutlaglary kabul eder. 

Stambuldaky, Ankaradaky we Izmirdäki ägirt uly ekranlarda günüň dowamynda ýörite wideolar görkeziler. 

29-njy oktýabr Respublika baýramy Türkiyäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda hem bellenilip geçiler. 



Degişli Habarlar