TBMM-niň Başlygy Şentop Ukrainaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Türkiýe Ukrainanyň territorial bitewiligine, garaşsyzlygyna we özygtyýarlygyna doly goldaw berýär”

1897390
TBMM-niň Başlygy Şentop Ukrainaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Iş sapary bilen Horwatiýa giden Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuk bilen duşuşdy.

Ukraina guralýan hüjümlerde asuda ilatyň nyşana alynmagynyň kabul edilmesizdigini nygtan Şentop, “Türkiýe Ukrainanyň territorial bitewiligine, garaşsyzlygyna we özygtyýarlygyna doly goldaw berýär”diýdi.

Türkiýäniň Ukraina berýän goldawyny dowam etdirjekdigini aýdan Şentop, şu günki güne çenli Ukraina 100 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň berlendigini nygtady.

Söweşiň diňe Ukraina däl eýsem dünýä ýurtlaryna energetika we azyk ýaly birnäçe ugura ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdan Şentop, Türkiýäniň halkara krizisiň çözülmegi üçin uly tagalla edýändigine ünsi çekdi.

Mustafa Şentop, Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin ähli taraplaýyn goşant goşmaga taýardygyny belledi.

TBMM-niň başlygy Şentop, Türkiýäniň edýän tagallasy netijesinde ukrain gallasynyn Gara deňizden üstaşyr eksport edilmegi meselesinde ylalalşyk gazanylandygyny we galla geçelgesi ylalaşygynyň azyk ýemezçiliginiň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnandygyny ýatlatdy.

Türkiýäniň edýän diplomatik tagallalary barada hem durup geçen Şentop, Prezident R. T. Erdoganyň Russiýa bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar