Prezident Erdogan Alžiriň Prezidenti Tebbun bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1895217
Prezident Erdogan Alžiriň Prezidenti Tebbun bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Alžir gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Erdogan telefon söhbetdeşliginde iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň umumy tagallalaryň netijesinde ýeten sepgitlerinden hoşaldygyny beýan etdi. 

FETÖ garşy göreş ugrunda eden ädimleri üçin Tebbuna minnetdarlyk bildiren Prezident Erdogan, ähli ugurlarda bolşy ýaly energiýa pudagyndaky, esasan hem tebigy gaz boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny isledi. 



Degişli Habarlar