Erdogan Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R.T.Erdoganyň Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berildi.

1895142
Erdogan Zelenskiý Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşindäki soňky wakalar hakynda pikir alyşyldy.

Erdogan telefon söhbetdeşliginde diplomatik çözgüt garaýyşyny her şetrde gorap saklamagyň möhümdigini beýan edip, söweşiň gepleşikler arkaly bes edilmegi üçin degişli goşandy goşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Prezident Erdogan aýratynam hepdäniň ahyrynda Bartyn welaýatynda  başdan geçirilen we 41 adamyň pida bolan partlamasy mynasybetli ugradan duýgudaşlyk ýüzlenmesi üçin Zelenskä sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar