Ibrahim Kalyn Russiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi

Kalyn 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly: "Häzirki wagtda başdan geçirilýän anneksiýa we ondan soň artan hadysalara garamazdan biz entegem diplomatik gapylarynyň açyk tutulmagynyň gerekdigini pikir edýäris" diýdi

1891981
Ibrahim Kalyn Russiýa-Ukraina söweşi barada beýannama berdi

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly: "Häzirki wagtda başdan geçirilýän anneksiýa we ondan soň artan hadysalara garamazdan biz entegem diplomatik gapylarynyň açyk tutulmagynyň gerekdigini pikir edýäris" diýip habar berdi. 

Hususy telewideniýe kanallarynyň birinde göni ýaýlyma gatnaşan Ibrahim Kalyn: "Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Gazagystanyň paýtagty Astanada Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşyk geçirermi?" soragyna, Erdoganyň Putin bilen duşuşyk geçirjekdigini mälim etdi. 

"Stambulda Putin bilen Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň duşuşyk geçirmekleri Astanada ara alynyp maslahatlaşylarmy?" soragyna Ibrahim Kalyn: "Häzirki wagtda başdan geçirilýän anneksiýa we ondan soň artan hadysalara garamazdan biz entegem diplomatik gapylarynyň açyk tutulmagynyň gerekdigini pikir edýäris. Bu ugurda taraplary ynandyrmaga çalyşýarys" diýip belledi. 

Russiýa-Ukraina söweşiniň iki tarapynyň bardygyny aýdan Kalyn: "Birinji tarapy Ukrainanyň topraklarynda başdan geçirilýän basyp alyşlyk we anneksiýa. Munuň bes edilmegi we çaknyşyklaryň durmagy gerek. Onda hiç hili şübhe ýok. Onuň ýoly hem has köp söweş däl, eýsem gepleşiklerdir we diplomatiýadyr" diýip mälim etdi. 

Söweşiň 2-nji tarapynyň bolsa has uly geosyýasy gurşawda amala aşyrylýandygyny aýdan Kalyn: "Ol ýerde bolsa Russiýa bilen Günabataryň arasynda tapawutly hasaplaşyk, ýüz-ýüze gelmek bar" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar