Erdogan Ykdysady özgerişler we täze paradigmalar sammitine gatnaşdy

Prezident Erdogan: "Epidemiýa bilen başlap Russiýa-Ukraina söweşi bilen giňelen global ykdysady krizisiň öňünde eýelän mäkämligimiz bilen dogry ýolda barýandygymyzy subut etdik" diýip habar berdi

1886886
Erdogan Ykdysady özgerişler we täze paradigmalar sammitine gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Stambul şäherindäki Dolmabahçe köşgündäki ofisinde geçirilen Ykdysady özgerişler we täze paradigmalar sammitine gatnaşdy. 

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Epidemiýa bilen başlap Russiýa-Ukraina söweşi bilen giňelen global ykdysady krizisiň öňünde eýelän mäkämligimiz bilen dogry ýolda barýandygymyzy subut etdik. Elbetde bu tapgyrda alan ýaralarymyz hem bar. Daşary ýurt walýuta operasiýalarynyň sebäp bolan kynçylyklary, alternatiw usullar bilen çözüwe gowuşdyrdyk diýip mälim etdi. 

Erdogan: "Iş üpjünçiligini taryhymyzyň iň ýokary derejesine ýetirdik, inflýasiýanyň sebäp bolan bagtyýarlyk ýitgileriniň öwezini dolup, her dürli çäräni görýäris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar