Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Prezident Erdogan, Türköýünde geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirýär.

1882961
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine giden Prezident Erdogan, Türköýünde geçirýän duşuşyklaryny dowam etdirýär.

Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda Awstriýanyň Prezidenti Wan Der Bellen bilen duşuşdy.

Erdogan soň bolsa Amerikaly senator Jeýms Riş, Liwanyň Premýer-ministri Nejip Mikaty we Britaniýanyň Premýer-ministri Liz Trass bilen duşuşdy.

Duşuşyklar metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

 



Degişli Habarlar