Şentop Pelosiniň Ermenistana Saparyna Reaksiýa Bildirdi
TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop Nansi Pelosiniň sapary hakynda garaýyş beýan etdi.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop, ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň Başlygy Nansi Pelosiniň Ermenistana saparynyň sebitleýin parahatçylyga goşant goşjak, gowy niýetli çemeleşme bolmandygyny beýan etdi.
Mustafa Şentop Stambulda guralan açylyşda sözlän sözünde; “Ençeme halkara guramalary Ermenistany basypalyjy hökmünde kesgitlän we yglan eden 28 ýyllyk döwürde hiç hili başlangyç etmedik Minsks toparynyň egindeş ýolbaşçylaryndan biri boylan ABŞ-nyň Mejlisiniň Başlygynyň Azerbaýjanyň “eger bu meseläni çözüp bilmeýän bolsaňz men ony özüm çözerin” diýip, işe girişen, hakykatdan hem öz territoriýasyny basybalyjylardan halas eden tapgyrynda sapara gelmegini sebitleýin parahatçylyga, dünýä parahatçylygyna peýdaly, gowy niýetli çemeleşme hökmünde göremok” diýdi.
Degişli Habarlar
Türkiyäniň prezidenti Ispaniyada saparda bolýar
Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ispaniýada resmi saparda bolýar
1 Hepde-de 30 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri 1181 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi