Prezident Erdogan täze Sosial ýaşaýyş jaý taslamasy barada maglumat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, paýtagt Ankara şäherindäki Beştepe Millet we medeniýet merkezinde Respublika taryhynyň iň uly Sosial ýaşaýyş jaý taslamasy bilen tanyşdyrdy

1879502
Prezident Erdogan täze Sosial ýaşaýyş jaý taslamasy barada maglumat berdi

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda: "Ýurdumyzyň her ýerinde ýüz müňlerçe täze sosial ýaşaýyş jaýyň, ýaşaýyş ýerleriniň we iş ýerleriniň gurluşyk tapgyryny başladýarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan, Türkiyäni ähli ugurlarda bolşy ýaly ýaşaýyş jaý gurluşygynda hem ençeme asyrlyk hyzmatlar, eserler, taslamalar bilen birleşdirýändiklerini beýan etdi. 

"Ýurdumyz üçin döwrüň ähli zerurlyklary bilen üpjün edilen ägirt uly hassahanalary, on müňlerçe orunlyk işewür merkezlerini, müňlerçe döwlet binasyny, Ýewropa ülňülerindäki stadionlary, her gatlakdan raýatlarymyz üçin ýüzlerçe sosial we medeni desga gurduk" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Maksadymyz ilkinji tapgyrdaky ýaşaýyş jaýlarymyzy iň köp 2 ýylyň içinde gurluşygyny tamamlap, raýatlarymyzyň ulanmagyna bermekdir. Bu kampaniýa sany we hili taýdan dünýäniň iň uly ýaşaýyş jaý taslamasy aýratynlygyna eýedir" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan sosial ýaşaýyş jaý taslamasynyň çägindäki ýaşaýyş jaýlaryň 50 müňüniň Stambulda, 18 müňüniň Ankarada, 12 müň 500-siniň Izmirde guruljakdygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar