Türkiýe Liwana Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

Türkiýeden Liwana 23 konteýner ynsanpwer kömegini alyp gidýän gämi Mersinden dabara bilen ugradyldy.

1872080
Türkiýe Liwana Ynsanperwer Kömegini Ugratdy

Mersiniň gubernatorlygyndan berilen beýannama görä Prezident R.T.Erdoganyň görkezmesi boýunça Tebigy apatlar we Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy ederasynyň (AFAD) utgaşdyrmagynda taýýarlanan 511,7 tonnalyk azyk önümlerini ybarat 23 konteýnerlik ynsanpwer kömegi “Ýagşylyk gämisine” ýüklenmek üçin Taşuju portuna getirildi.

Gubernatoryň orunbasary İbrahim Küçük ugradyş dabarasynda eden çykyşynda Liwan üçin guralan ynsanperwer kömek kampaniýasynyň çäginde 4-nji gäminiň ugradylýandygyny beýan etdi.

Liwanda halkyň isleglerini kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýaňdigini nygtan Küçük; “Merhemet duýgulary ýokary bolan türk milletiniň hoş niýetliligi we ýardam söýerliligi saýasynda bärden ugradýan kömeklerimiziň Liwandaky doganlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmagyny umyt edýäris” diýdi.



Degişli Habarlar