Mustafa Şentop Ukrainany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Ukrainany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

1872076
Mustafa Şentop Ukrainany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Garaşsyzlyk güni mynasybetli Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuka gutlag hatyny ugratdy. 

Gutlag hatynda Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününi hut öz adyndan we TBMM-niň agzalarynyň adyndan gutlan Mustafa Şentop: "Umumy taryhy we medeni gatnaşyklarymyz bolan Ukraina bilen gatnaşyklarymyz berkäp dowam edýär. Bu tapgyrda parlamentleriň arasyndaky güýçli hyzmatdaşlygyň gatnaşyklarymyza itergi bermegi örän möhümdir. Türkiye Ukrainanyň syýasy jebisligini, özygtyýarlylygyny we territorial bütewiligini ähli platformalarda goldamaga dowam eder. Şol mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Ukrainanyň mejlisiniň hormatly agzalaryna berk jan-saglyk we üstünlik arzuw edýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar