Paýtagty Iýerusalim Bolan Garaşsyz Palestina Döwleti Gurulmagy Zerurlykdyr

Prezident R.T.Erdogan paýtagty Iýerusalim bolan garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagy zerurlykdygyny aýtdy.

1871535
Paýtagty Iýerusalim Bolan Garaşsyz Palestina Döwleti Gurulmagy Zerurlykdyr

Prezident Erdogan iňňin paýtagt Ankara gelen Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbasy düýn resmi dabara bilen garşylady. Liderler duşuşyklardan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

“Iýerusalimiň we Al Aksa metjidiniň hukuk derejesiniň özgerdilmegi ugrundaky aksiýalary haýsydyr bir  şertde kabul etmeýäris. Biz garaýyşlarymyzy ysraýylly kardeşlerimize hem beýan etdik” diýen Erdogan; “Ysraýyl bilen gatnaşyklarymyzda edilen başlangyçlar Palestina gowgasyna berýän goldawymyzy azaltmaz” diýdi.

Prezident Erdogan; “BMG-niň parametrlerine laýyklykda 1967-nji ýyldaky serhetlerde paýtagty İýerusalim bolan garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagynyň bütin sebitimiziň parahatçylygy hem-de durnuklylygy üçin zerurlykdygyny ýene-de bir gezek nygtasym gelýär” diýdi.

Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Abbas bolsa; “Prezident Erdogana palestin halkyna berýän goldawy üçin sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Erdogan bilen sebitleýin we global meseleler hakynda pikir alyşyp, Türkiýäniň dünýäde durnuklylygy ornaşdyrmak ugrundaky tagallalary bilen tanyşmaga pursat tapandygyny nygtan Abbas, özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda-da giňişleýin söhbetdeş bolandyklaryny beýan etdi.



Degişli Habarlar