MGM: "Galla ýüklenen ýene-de 4 gämi Ukrainadan ýola çykdy" diýip habar berdi

Milli Goranmak ministrligi galla eksportynyň çäginde Ukrainadan galla ýüklenen ýene-de 4 gäminiň ýola çykandygyny mälim etdi

1870422
MGM: "Galla ýüklenen ýene-de 4 gämi Ukrainadan ýola çykdy" diýip habar berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi Ukrainadan dünýä bazarlaryna amala aşyrylýan galla eksporty bilen bagly soňky maglumatlary paýlaşdy.

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda gämileriň 2-siniň Çernomorsk portyndan, beýlekileriniň Odessa we Ýužniý portlaryndan ýola çykandygyny aýan edildi.

Beýanatda mundan başgada Ukrainadan gelen 1 gämi bilen Ukraina gitjek 5 gäminiň hem gözegçilik işleriniň geçirilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar