Malaýziýanyň Şasy Anytkabire bardy

Malaýziýanyň Şasynyň Türkiýä guraýan resmi sapary 21-nji awgusta çenli dowam eder

1868536
Malaýziýanyň Şasy Anytkabire bardy

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň çakylygyna laýyklykda paýtagt Ankara şäherine gelen Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al-Mustafa Billah Şah, Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdi. 

Atatürkiň mawzoleýine gül çemenini goýup, hormatly dymyşlyk eden Malaýziýanyň Şasy Soltan Abdullah Ri'aýatuddin Al-Mustafa Billah Şah, ondan soň bolsa Misaki Milli binasyna geçdi we ol ýerde Anytkabiriň ýörite depderine gol goýup: "Garaşsyz Türkiýe Respublikasyna sapar guraýandygyma buýsanýaryn. Bu saparyň Malaýziýanyň we Türkiýäniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi tapgyryny tizleşdirjekdigine ynanýaryn. Men we Şa zenany Türkiýäniň we halkynyň hemişe Alla tarapyndan goralmagy üçin doga edýäris" diýip ýazdy. 

Soltan Abdullah Şah, Şa aýal Iskandariah bilen 30 ýyl soň Malaýziýadan Türkiýä döwlet Ýolbaşçysy derejesinde ilkinji sapary guraýar.

Malaýziýanyň Şasynyň Türkiýä guraýan resmi sapary 21-nji awgusta çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar