Erdogan: "Biziň bu ýurt üçin etjek entek köp işimiz bar" diýdi

Prezident Erdogan: "Biziň bu ýurt üçin etjek entek köp işimiz bar, biziň bu millet üçin berjek entek köp hyzmatymyz bar" diýip nygtady

1868227
Erdogan: "Biziň bu ýurt üçin etjek entek köp işimiz bar" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň esaslandyrylmagynyň 21-nji ýyly mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäginde çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Biziň bu ýurt üçin etjek entek köp işimiz bar, biziň bu millet üçin berjek entek köp hyzmatymyz bar, biziň nesillerimiziň gelejeginiň gurluşynda etjek entek köp ädimimiz bar. Biziň Orta Aziýadan Balkanlara, Afrikadan dünýäniň dört künjegine çenli gözüni we kalbyny Türkiýä gönükdiren 100 millionlarça adama berjek entek köp umydymyz bar. Biziň geçmişden gelejege guran köprümizi uzatjak entek köp ýerimiz bar" diýip belledi. 



Degişli Habarlar