Erdogan Newşehirde Hajy Bektaş Welini hatyralama çäresine gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, käbir Ýewropa ýurtlarynyň Türkiýede Alewi-Bektaşy toparlarynyň üstünden hapa oýun oýnaýandygyny habar berdi

1867509
Erdogan Newşehirde Hajy Bektaş Welini hatyralama çäresine gatnaşdy
erdogan nevsehir.jpg
erdogan haci bektas anma.jpg

Prezident Erdogan düýn Newşehirde Anadolynyň ruhy binagäri Hajy Beşktaşy Welini hatyralama çäresine gatnaşdy. 

Hajy Beşktaşy Weliniň aradan çykan gününiň 751-nji ýyly bilen bagly geçirilen hatyralama çäresinde çykyş eden Prezident Erdogan bu ýurdyň raýatlarynyň ählisiniň döwletiň saýlanan agzalarydygyny habar berdi. 

Erdogan käbir Ýewropa ýurtlarynyň Türkiýede Alewi-Bektaşy toparlarynyň üstünden hapa oýun oýnaýandygyny belläp: "Bu mekir we haýyn oýuny ählimiz bilelikde bozarys" diýip mälim etdi. 

Prezident Erdogan: "Esasan hem käbir Ýewropa döwletleriniň ýurdumyzdaki ähli topar ýaly Alewi-Bektaşy agzasy bolan raýatlarymyzyň üstünden oýnamaga synanyşýan hapa oýunlaryny siziň hem görýändigiňize men ynanýaryn. Alewi-Bektaşy jemgyýetini Yslamdan goparmaga synanyşyp edilen ilkinji ädimiň dowamynda bolsa raýatlarymyzy biri-birine garşy duşman etmek bolar" diýip beýan etdi. 

Jebislik we agzybirlik ýüzlenmesini beren Erdogan millet hökmünde her dürli oýuny bozjakdyklaryny aýan etdi. 

Paýtagt Ankara şäherindäki jemöýüne amala aşyran zyýaratyny ýatladan Erdogan, şol zyýarat başda bolmak bilen jemöýlerine edilen zyratlarda ýygnanan 8 müň 740 talap bilen baglanşykly soňky ýagdaýy paýlaşdy. 

Prezident Erdogan: "Şol talaplaryň 5600-syny tiz wagtda ýerine ýetirdik. Beýleki talaplar bilen baglanşykly bolsa Içeri işler, Medeniýet we Adalat ministrliklerimiz bilelikde iş salyşýar. Nesip bolsa olar hem ýakyn wagtda netijelener. Mundan başgada biri-birinden tapawutly welaýatlarymyzda düýbi tutulan we gurluşygy tamamlanan 8 jemöýi bilen baglanşykly köpçüliklein açylyş dabarasyny ýakyn wagtda amala aşyrarys" diýip habar berdi.

Prezident Erdogan hatyralama çäresinden soň Hajy Bektaş Weli derwişhanasyny zyýarat etdi. 



Degişli Habarlar