3 Terrorçy Türk Ýaragly Güýçleri Tarapyndan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

“Terrorçylar nirede bolsa şol ýeri nyşana alarys. Türk ýaragly güýçlerimiz, terrora garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär"

1867158
3 Terrorçy Türk Ýaragly Güýçleri Tarapyndan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

 

Yragyň demirgazygynda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen habarnamada, “Terrorçylar nirede bolsa şol ýeri nyşana alarys. Türk ýaragly güýçlerimiz, terrora garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär. Yragyň demirgazygynda üstünlikli ýagdaýda alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy Türk ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi”diýildi.

Beýleki tarapdan, Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, “Eren Gabaw-29” operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynda 3 gaçybatalga bilen gowak hatardan çykaryldy.



Degişli Habarlar