“Galla Ylalaşygynda Türkiýe bilen Russiýa Uly Rol Oýnady”

Iki lideriň Russiýanyň Soçi şäherindäki duşuşygy 4 sagat dowam etdi.

1864414
“Galla Ylalaşygynda Türkiýe bilen Russiýa Uly Rol Oýnady”

Prezident R. T. Erdogan bilen rus kärdeşi Wladimir Putin, Siriýadaky terror guramalaryna garşy göreş hakynda pikir alyşdy.

Iki lideriň Russiýanyň Soçi şäherindäki duşuşygy 4 sagat dowam etdi.

Birnäçe ugurda edilýän hyzmatdaşlyk meselesine garalan Erdogan-Putin duşuşygy hakyndaky bilelikdäki jarnamada “Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky içginlige we ynanama esaslanýan gatnaşyklaryň sebitara we halkara durnuklylyk taýdan möhümdigine üns çekilip “Liderler, Siriýadaky terror guramalaryna garşy bilelikde hereket etjekdiklerini nygtadylar” diýildi.

Jarnamada “Erdogan bilen Putin, Ukrainadan galla we azyk önümlerinň eskport edilmegi üçin Stambulda ylalaşyk gazanylmagynda iki ýurduň uly rol oýnandygyna ünsi çekdi” diýildi.

 



Degişli Habarlar