Ukrainadan ýola çykan mekgejöwen ýüklenen gämi Bosfor bogazyna geldi

Ukrainanyň Odessa portyndan birnäçe gün ozal ýola çykan we düzüminde mekgejöwen bolan Razoni atly gämi, Bosfor bogazynyň başynda gözegçilik edilýär

1863141
Ukrainadan ýola çykan mekgejöwen ýüklenen gämi Bosfor bogazyna geldi

Global galla krizisiniň çözüwine kömek bermek maksady bilen 22-nji iýulda Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň we BMG-nyň arasynda gol çekilen "Galla we azyk maddalarynyň Ukrainanyň portlaryndan howpsuz eksporty" atly ylalaşyk resminamasynyň çäginde Odessa portyndan ýola çykan mekgejöwen ýüklenen "Razoni" atly ýük gämisi, Gara deňizde Bosfor bogazynyň girelgesine düýn agşam gelip ýetdi. 

Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan we BMG-dan ybarat topar, Razoni atly gämide gözegçilik işlerini geçirýärler. 

Gözegçilik işleriniň netijesine görä gämi Bosfor bogazyndan geçip, Liwana tarap ýola çykar. 

"Galla we azyk maddalarynyň Ukrainanyň portlaryndan howpsuz eksporty" atly ylalaşyk resminamasynyň çäginde Ukrainadan ýola çykan ilkinji gämi bolan "Razoni" atly gämiden soň, beýleki gämileriň hem ozaldan kesgitlenen geçelgelerden geçip we usullara laýyklykda eksportlary meýilleşdirilýär. 



Degişli Habarlar