Yragyň demirgazygynda ýaralanan esger hassahanada şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi beýanat berdi

1860168
Yragyň demirgazygynda ýaralanan esger hassahanada şehit boldy

Yragyň demirgazygynda "Penje 1-2" operasiýasy sebitinde gözleg we saplaýyş işlerini geçirýän mahaly elde ýasalan partlaýjy maddanyň partlamagy netijesinde ýaralanan pyýada esger Jüneýit Taşýürek alynyp gidilen hassahanasynda şehit boldy. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: "Penje 1-2 operasiýasy sebitinde 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda gözleg we saplaýyş işlerini geçirýän mahaly elde ýasalan partlaýjy maddanyň partlamagy netijesinde ýaralanan gahryman egindeşimiz pyýada esger Jüneýit Taşýürek şol bada hassahana ýatyryldy, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän 2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda şehit boldy. Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we eziz türk milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #esger , #şehit , #demirgazyk , #Yrak

Degişli Habarlar