Emine Erdogan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Emine Erdogan FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygynyň 6-njy ýyly we Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli sosial media hasabyndan beýannama berdi

1855430
Emine Erdogan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň aýaly Emine Erdogan FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygynyň 6-njy ýyly we Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli sosial media hasabyndan beren beýanatynda, 15-nji iýulyň 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli zenanlaryň, erkekleriň, her bir raýatyň bir ýürek direlişiniň simwoly bolandygyny belläp: "Taryha ýazylan 15-nji iýul dessany, olaryň tutanýerliligi we batyrgaýlygy bilen ýazyldy" diýip belledi. 

Fetullahçy terror guramasynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşyk gijesi taryhda seýrek gabat gelýän garşylyk mysalyny görkezen türk milleti, ýurduň özygtyýarlylygyna we gelejegine ýene-de bir gezek eýe çykdy, Türkiýäniň şol garaňky gijeden ýagtylyga çykmagy üçin göreş alyp baran raýatlaryň, polisiýa işgärleriň we harbylaryň 150-si paýtagt Ankarada, 99-y Stambulda, 2-si Muglada şehit boldy" diýip habar berdi.  



Degişli Habarlar