Türkiýe, BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň Kararyna Hoşallyk Bildirdi

“BMG-nyň ,BMG-nyň serhetaşa ynsanperwer kömek mehanizminiň möhlediniň 6 aý uzadylmagy hakyndaky kararyna hoşallyk bildirýäris”

1854792
Türkiýe, BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň Kararyna Hoşallyk Bildirdi

Türkiýe, BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýanyň demirgazyk günbataryna berilýän ynsanperwer kömekler bilen arabaglanşykly BMG-nyň serhetaşa ynsanperwer kömek mehanizminiň möhlediniň 6 aý uzadylmagy hakyndaky kararyna hoşallyk bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, ady agzalýan mehanizmiň Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýaşaýan 4,1 million adama gyssagly ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginde uly rol oýnaýandygy nygtaldy.

Beýannamada, “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda bir agyzdan kabul eden BMG-nyň serhetaşa ynsanperwer kömek mehanizminiň möhlediniň 6 aý uzadylmagy hakyndaky kararyna hoşallyk bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, Sriýadaky gumanitar krizisiň ortadan aýrylmagy we sebitiň durmuklylygy taýdan BMG-nyň serhetaşa ynsanperwer kömek mehanizminiň öz işini dowam etdirmeginiň möhümdigine üns çekildi.

 



Degişli Habarlar