Türkiýe Ekwador döwleti bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Türkiýe Ekwadorda ýaşaýan ýa-da şol ýurda gitjek türk raýatlaryna köpçülikleýin demonstrasiýalaryň geçirilýän ýerlerinden uzak durmak barada maslahat berdi

1848520
Türkiýe Ekwador döwleti bilen bagly syýahatçylyk duýduryşyny berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Ekwador döwleti bilen bagly syýahatçylyk duýduryşy berildi. 

Ýurtda soňky wagtlarda başdan geçirilýän köpçülikleýin hadysalar sebäpli Ekwadoryň hökümediniň 18-nji iýunda Piçinça, Kotopaksi we Imbabura welaýatlarynda 30 gün möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý yglan edendigine ünsler çekilen beýanatda: "Şol çäkde häzirki wagtda Ekwadorda ýaşaýan ýa-da şol ýurda syýahat etmek isleýän raýatlarymyzyň ministrligimiz we Kito şäherindäki ilçihanamyz tarapyndan ediljek goşmaça duýduryşlara we bildirişlere gulak asmaklary, köpçülikleýin demonsatrasiýalaryň geçirilýän ýerlerinden uzak durmaklary, şahsy howpsuzlyklary taýdan gerek bolan çäreleri görmekleri we hüşgär bolmaklary möhümdir" diýip beýan edildi. 

Beýanatda mundan başgada türk raýatlaryň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk bölüminiň telefon belgisine +90 312 292 29 29, Türkiýäniň Kito şäherindäki ilçihanasynyň telefon belgilerine +593 2 333 1742 we + 593 98 612 1734 jaň edip biljekdikleri we "embassy.quito@mfa.gov.tr" poçtasynyň üsti bilen gönüden aragatnaşyga geçip biljekdikleri habar berildi. 



Degişli Habarlar